Dowam etmek üçin giriň
Dowam etmek üçin giriň
Complete the form below to receive an email with the authorization code needed to reset your password.
Aşgabat şäheriniň "Demirbetonönümleri" kärhanasy 1975-nji ýylda gurlup ulanylmaga berildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 28-nji sentýabryndaky kararyna laýyklykda kärhananyň durky täzelenip, onuň ýyllyk taslama kuwwatlylygy 121 müň 340 kub metre ýetirildi. Kärhanada ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk-gurnama işleri üçin niýetlenen 148U seriýaly iri panelli demirbeton önümleri, dürli markaly harytlyk beton we kislorod öndürilýär. Kärhanada öndürilýän iri panelli gurnama demirbeton önümlerinden Aşgabat şäheriniň çäginde we welaýatlarda raýatlar üçin 1, 2 we 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy hem alnyp barylýar.
Balkan kän müdirligi jemi 9 sany çig-mal ýataklaryny öz içine alýar. Balkan kän müdirliginiň ýyllyk önümçilik kuwwatlylygy 3 million 181 müň 70 m³ magdan däl materiallara barabardyr. Kän müdirliginde magdan däl materiallarynyň aşakdaky görkezilen görnüşleri öndürilýär:
Büzmeýin etrabyndaky "Demirbetonönümleri" kärhanasy 1954-nji ýylda gurlup ulanylmaga berildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 9-njy ýanwaryndaky kararyna laýyklykda kärhananyň durky täzelenip, onuň ýyllyk taslama kuwwatlylygy 95 müň m³ ýetirildi. Kärhanada ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk-gurnama işleri üçin niýetlenen 76U we 148 seriýaly iri panelli demirbeton önümleri, dürli ölçegdäki "Multikast" demirbeton turbalaryň toplumy, dürli görnüşdäki demirbeton önümleri şeýle hem oda çydamly kerpiçler öndürilýär.
Gökdepe kän müdirligi Gökdepe hem-de Kelete känlerini öz içine alýar. Bu kän müdirligiň ýyllyk önümçilik kuwwatlylygy 7 million 979 müň 593 m³ magdan däl gurluşyk materiallaryna barabardyr. Kän müdirliginde magdan däl materiallarynyň aşakdaky görkezilen görnüşleri öndürilýär:
Kaka kän müdirligi Duşak hem-de Gowşut känlerini öz içine alýar. Bu kän müdirliginiň ýyllyk önümçilik kuwwatlygy 4 million 488 müň 280 m³ magdan däl gurluşyk materiallary bolup, magdan däl materiallarynyň aşakdaky görkezilen görnüşleri öndürilýär.
Gazbeton öndürýän zawody 2010-njy ýylyň oktýabr aýynyň 13-ne açylyp ulanmaga berildi. Zawodyň ýyllyk taslama kuwwatlylygy 144 müň m³ gazbeton bloklaryna barabardyr. Gazbetondan bloklary gurluşyk materialy bolup, özüniň berkligi, uzak ömürliligi, daşky gurşawyň täsirlerine çydamlylygy, ýangyna bolan howpsuzlygy, aňsatlyk bilen örülmegi we işlenilmegi, jaýlaryň islendik timarlaýyş işleri üçin amatlylygy, şeýle hem ýapyk öýjükli bolandygy sebäpli yzgara ýokary derejeli durnuklylygy bilen tapawutlanýar. Gazbeton önümleriniň ýokary ýylylyk we ses saklaýjylyk ýaly aýratynlyklary, ýapyk öýjükli bolmagy bolsa olaryň seýsmiki taýdan durnuklylygyny we howpsuzlygyny üpjün edýär we jaýlaryň agramynyň belli bir derejede azalmagyna, gurluşygyň möhletleriniň has-da gysgalmagyna uly mümkinçilik berýär. Gazbetondan diwar materiallary adaty betondan we keramzitbetondan taýýarlanan diwar materiallaryndan hem-de keramiki kerpiçden ýokarda görkezilen häsiýetleri we ýeňilligi boýunça 6-7 esse ýokary bolup, gyş aýlarynda jaýlaryň içinde ýylylygyň we şol bir wagtyň özünde tomusyň yssy günlerinde salkynlygyň hem ygtybarly saklanylmagyna ýardam edýär.